Türkmenistanda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk dowam edýän mahaly, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň köçelerinde Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) işgärleriniň sany göz-görtele artdy.
Munuň bilen bir wagtda, olaryň sürüjilere jerime ýazmagy ýa-da olardan “para almagy” bilen bagly wakalar hem köpeldi. Bu ýagdaýlar käbir sürüjileriň biraýlygyň dowamynda ulag sürmekden saklanmagyna getirdi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 8-nji sentýabrda sebitden maglumat berdi.
“Şäheriň esasy ýollarynyň her bir çatrygynda polisiýa işgärleri bar. Ýagyşdan soň kömelek çykyşy ýaly, biraýlygyň başlanmagy bilen, aýagyňy basan ýeriňde polisiýa bar” diýip, türkmenabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Türkmenistanda ozalky prezident, häzir Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan 2013-nji ýylda başy başlanan we şondan bäri her ýylyň 1-30-njy sentýabry aralygynda geçirilýän biraýlyk köçe ýol hereketiniň howpsuzlygyna bagyşlanýar.
Türkmen häkimiýetleri biraýlygyň dowamynda ilat arasynda köçe ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegine, howpsuzlyk sowatlylygynyň ýokarlandyrylmagyna üns çekilýändigini aýdýarlar.
Ýol hereketini "dolandyryp bilmeýän" polisiýa işgärleri...
Ýöne şäher ýaşaýjylary we Türkmenabadyň polisiýasyndaky çeşmelerimiz, geçen ýyllarda bolşy ýaly, biraýlygyň ilkinji hepdesinde köçe-ýol hadysalarynyň sanynyň artandygyny aýdýarlar.
“Bu hadysalaryň köpüsi ýol hereketini sazlamak üçin goýlan, eli taýakly polisiýa işgärleriniň ýalňyşlyklary esasynda ýüze çykýar. Ýagny soňky günlerde köçelerdäki swetaforlar tit-tizden bozulýar. Ýol hereketini sazlamak üçin goýulýan polisiýa işgärleri ulag hereketi kada laýyk dolandyryp bilmeýärler ýa-da olar ulag hereketine gözegçilik etmegiň deregine telefonlaryna seredip durup, ýokarda saklap duran taýaklaryny aşak düşürmegi ýatdan çykarýarlar. Bu bolsa, ulaglaryň dyknyşygynyň we ýol hadysalarynyň döremegine getirýär” diýip, türkmenabatly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Ol muňa mysal getirip, 6-njy sentýabrda 3-nji etrapçanyň ahyrynda ýüze çykan bir ýol hadysasyny gürrüň berdi.
“Şonda polisiýa işgäriniň taýagyny kadaly ulanyp, ýol hereketini dolandyryp bilmändigi zerarly üç ulag biri-birine eltip urdy. Ölüm-ýitim bolmady” diýip, ol sözüne goşdy.
Mundan başga-da, PÝGG işgärleriniň ulag sürüjilerine, dürli bahanalara salgylanylyp, jerime ýazmagy ýa-da olardan “para almagy” bilen bagly wakalar hem köpeldi. Bularyň arasynda ulaglaryň “hapadygy, olaryň içinde goşmaça enjamlaryň bardygy, alajalaryň dakylandygy” ýaly bahanalar bar.
“Ulag sähel hapa bolsa-da, jerime ýazýarlar ýa-da para soraýarlar. Şeýle ýagdaýlara esasan Ikinji daýhan bazaryň we Gök bazaryň töwereginde has köp duş gelse bolýar” diýip, türkmenabatly ulag eýesi anonimlik şertinde aýtdy.
"Bir aýda 2500 manat para berdim"
Lebaply ulag eýeleriniň ençemesi biraýlygyň ilkinji günlerine syn edip, geçen ýyllardaky tejribäniň bu ýyl hem gaýtalanjakdygyna göz ýetirendiklerini belleýär.
Olar şu sebäpli sentýabr aýy tamamlanýança, gitjek ýerlerine takside ýa-da jemgyýetçilik transport serişdelerinde gatnamak kararyna gelendiklerini hem aýtdy.
“Öňki ýyl sentýabr aýynda gaýa beren paramyň möçberi azyndan 2500 manat boldy. Şol sebäpli bu ýyl, sentýabrda maşyn ulanamok” diýip, Derýaçylar etrapçasynda ýaşaýan ulag eýesi anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Azatlyk bu ýagdaýlar barada PÝGG-niň ýerli edarasyndan teswir alyp bilmedi.
Türkmenistanda her ýyl biraýlygyň dowamynda köçe-ýol howpsuzlygy bilen bagly ýol hereketiniň düzgünlerini düşündirmäge we bu babatda habarlylygy artdyrmaga gönükdirilen çäreler guralýar.
Döwlet media serişdeleri sürüjileriň hem-de pyýadalaryň sowatlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen mekdeplerde we çagalar baglarynda ýörite sapaklaryň geçirilýändigini, ministrliklerde hem-de edaralarda okuw-maslahatlaryň guralýandygyny habar berýär. Şeýle-de, ýollarda ýol gözegçilik gulluklarynyň işgärleri yzygiderli nobatçylyk edýärler.
“Bu bolsa ýol ýagdaýyna çalt we netijeli täsir etmäge mümkinçilik berýär” diýip, döwlet mediasynyň 3-nji sentýabrda çap eden habarynda bellenilýär.
Munuň bilen bir wagtda, sürüjiler ýol polisiýasynyň özlerinden dürli bahanalara salgylanylyp, “para almak” tejribeleriniň biraýlygyň dowamynda köpelmese azalmaýandygyny aýdyp gelýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum