8-nji sentýabrda "Pussy Riot" pank feminist toparynyň aktiwisti Aýsoltan Nyýazowa Polşanyň Suwalki şäheriniň prokuraturasy tarapyndan tussaglykdan boşadyldy. Mundan öň, 6-njy sentýabrda giçlik asly türkmenistanly rus raýaty Nyýazowa Polşanyň Litwa bilen serhediniň golaýynda, Interpolyň Türkmenistandan gelen haýyşynyň esasynda çykarylan “gyzyl bildiriş” esasynda saklanypdy. Türkmenistanyň häkimiýetleri Nyýazowany 2002-nji ýylda ýurduň Merkezi bankyndan millionlarça dollaryň ogurlanmagyna ilteşikli bolmakda aýyplaýarlar.
"Ol azat. Soragdan soňra, prokurorlar ekstradisiýa üçin tussaglygyň soralmagyna esasyň ýokdugyny anykladylar we ony goýbermek kararyna geldiler" diýip, Suwalkiniň jemgyýetçilik prokuraturasynyň metbugat wekili AFP neşirine aýtdy.
Dynç günleri Pussy Riot topary beýanat ýaýradyp, onda “Aýsoltan Nyýazowa garşy hiç hili kanuny aýyplama bildirilmedi… Onuň ýeke-täk ‘jenaýaty’ dünýäniň iň ýapyk diktaturalarynyň birine açyk garşy çykmakdyr. Biz onuň derrew azatlyga goýberilmegini talap edýäris” diýdi.
Nyýazowanyň egindeşi Wiktor Kotowyň Azatlyga tassyklamagyna görä, olar 6-njy sentýabr güni günortanlar Polşadan Litwa yzlaryna dolanýan mahaly polýak serhet gullugy tarapyndan saklanypdyrlar. Serhetçiler olaryň ýaşamak ygtyýarnamalaryny we pasportlaryny barlapdyr. Nyýazowa serhetçileriň onyň ene-atasynyň atlary barada sorag berendigine geň galypdyr.
Şenbe we ýekşenbe günleri Polşanyň çäginde döwlet edaralary işlemeýänligi sebäpli, Nyýazowa Suwalki şäheriniň wagtlaýyn tussaghanasynda saklandy.
Kotowyň sözlerine görä, bir günüň dowamynda aktiwisti goramak üçin aklawçyny tapmak başardypdyr.
8-nji sentýabrda daňdan Aýsoltan Suwalki şäheriniň prokuraturasyna alnyp gidildi we ol ýerde soraga çekildi. Mundan soňra, aktiwist azatlyga goýberildi.
"Türkmenistandaky adam hukuklarynyň bozulmalary barada gürrüň berenimden soň, [prokurorlar] meniň işimi suda geçirmän boşatdylar" diýip, Nyýazowa tussaglykdan boşadylmagynyň yzýany Azatlyga gürrüň berdi.
Türkmenistanyň häkimiýetleri Nyýazowany 2002-nji ýylda ýurduň Merkezi bankyndan 40 million dollara golaý serişdeleriň ogurlanmagyna ilteşikli bolmakda aýyplaýarlar. Onuň ekstradisiýasy boýunça haýyş 2002-nji ýylda çykaryldy. Nyýazowanyň kakasy Gurbanmyrat Niýazow oppozisiýany goldap, çykyş edipdi we soňundan türmede tussaglykda aradan çykypdyr. Aýsoltan Nyýazowa özüniň yzarlanmagyny awtoritar häkimiýete garşy garaýyşlary bilen baglanyşdyrýar. Pussy Riot hem bu aýyplamalaryň toslama we syýasy häsiýetlidigini aýdýar.
2011-nji ýylda Şweýsariýa Nyýazowany Türkmenistana tabşyrmakdan ýüz öwürdi, ýöne ony Russiýa ekstradisiýa etdi. Nyýazowa ol ýerde koloniýada alty ýyl saklandy. Şol ýerde ol Isa Mesih Halasgär ybadathanasyndaky aýdym-sazly çykyş sebäpli “huligançylykda” aýyplanyp türmä basylan Mariýa Alýohina bilen tanyşdy. Soňra Nyýazowa Pussy Riot toparyna goşuldy.
2022-nji ýylda Aýsoltan Nyýazowa Sloweniýada we Horwatiýada hem, Türkmenistandan gelen şol bir haýyş esasynda, wagtlaýyn tussag edilipdi. “Nastoýaşeýe Wremýa” kanalyna görä, Sloweniýanyň kazyýeti ony 10 sagatdan soň, Horwatiýa bolsa iki günden soň boşatdy.
Horwatiýadaky tussaglykdan soň aklawçylar Interpola ýüzlenip, Türkmenistandan gelen haýyşyň bikanundygyny aýdyp, onuň adynyň gözleg bazasyndan aýrylmagyny talap etdiler, ýöne gurama bu haýyşy ret etdi.
Forum