Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanda býujetçilerden goşar sagatlary, döşe dakylýan nyşanlary we ýerli egin-eşikleri satyn almak talap edilýär


Edara-kärhanalaryň işgärlerinden ýüzünde prezident Serdar Berdimuhamedowyň suraty bolan goşar sagatlary we beýleki önümleri satyn almak talap edilýär.
Edara-kärhanalaryň işgärlerinden ýüzünde prezident Serdar Berdimuhamedowyň suraty bolan goşar sagatlary we beýleki önümleri satyn almak talap edilýär.

Balkan welaýatynda tas ähli edara-kärhanalaryň işgärlerinden ýüzünde prezident Serdar Berdimuhamedowyň suraty bolan goşar sagatlary, döşe dakylýan baýdak ýa-da prezidentiň kelle suraty şekilindäki nyşanlary we Türkmenistanda öndürilen kostýum-jalbarlary satyn almak talap edilýär.

Umumy bahasy 10 müň manada golaýlaýan bu önümleri satyn almadyklara işden kowuljakdygy barada haýbat atylýar. Býujet işgärleriniň ençemesi bu harytlary satyn almak üçin tanyş-bilişlerinden pul karz almaly bolandyklaryny aýdýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 9-njy sentýabrda sebitden maglumat berdi.

“Sagatlar, nyşanlar we egin-eşikler şu aýyň 25-ne çenli ähli býujet işgärlerinde hökman bolmaly edildi” diýip, Balkanabat şäherinde işleýän býujet işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Bu önümleri satyn almaly edilen býujet işgärleriniň arasynda saglyk we bilim işgärleri, şol sanda mugallymlar, lukmanlar, şepagat agalary we uýalary, içeri işler edaralarynyň, salgyt gullugynyň, harby bölümleriň, transport, aragatnaşyk we bank pudaklarynyň işgärleri, şeýle-de prokurorlar, kazylar we Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri bar.

"Agyr degýän" çykdajylar

Balkanabadyň kanun goraýjy edaralarynyň birindäki çeşmämiziň tassyklamagyna görä, täze talaplar boýunça prokurorlaryň ençemesi ýüzünde prezidentiň suraty we döwlet nyşanlary bolan altyn çaýylandygy aýdylýan goşar sagatlaryň her birini 6 müň manatdan satyn aldy.

Sebit mugallymlaryna bu sagatlaryň ýüzünde diňe prezidentiň suraty bolan görnüşleri satyldy. Onuň her biriniň bahasy 3 müň manada deň.

“Döşe dakylýan altyn çaýlan baýdak nyşany 1 müň manatdan satylýar. Türkmen telekeçileri tarapyndan öndürilen kostýum-jalbarlar, ak köýnek we galstuk 3 müň manat bolýar” diýip, balkanabatly býujet işgäriniň ýene biri belledi.

Merkezi bankyň kursunda $2000 we gara bazaryň nyrhynda $350 barabar bolýan bu önümleri satyn almak býujet işgärleriniň maşgala býujetine juda agram salýar.

“Hytaýda öndürilen we batareýkada işleýän bu sagatlary 3 müň manada satmaklary gaty agyr degýär. Häzir bu önümleri satyn almak üçin azyndan 5 müň manat karz aldym" diýip, balkanabatly bir mugallym özüniň aýlyk zähmet hakynyň 4 müň manada barabardygyny hem anonimlik şertinde aýtdy.

Şeýle-de, býujet işgärleri sagatlaryň hiliniň juda ýaramazdygyny, olaryň käbirleriniň bir aý geçmänkä bozulandygyny hem belleýärler.

"Halky talamagyň nobatdaky tapgyry"

"Zenanlar üçin taýýarlanan sagatlaryň hili has-da pes. Bagjyklary tiz wagtda üzülýär. Hiç bir işgär aç-açan nägilelik bildirip bilenok. Sebäbi garşylyk görkezenlere işlerini ýitirmek, işden çykarylmak howpy abanýar" diýip, býujet işgäri sözüne goşdy.

Käbir edara ýolbaşçylary bu talaplaryň sebäbini “ýerli önüm öndüriji telekeçileri goldamak tagallalary” bilen düşündirmäge çalyşýarlar.

Ýöne býujet işgärleriniň ençemesi we kanun goraýjy edaralaryň birindäki çeşmämiz bu talaplaryň arkasynda “ýokary derejeli emeldarlaryň bardygyny aýdyp, bulary halky talamagyň nobatdaky tapgyry” atlandyrýarlar.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada degişli sebit häkimiýetlerinden, şol sanda Balkanabat şäher häkimliginden teswir alyp bilmedi.

Türkmenistanda edara-kärhanalaryň işgärlerinden goşar sagatlary satyn almak talap edilýändigi baradaky ilkinji maglumatlar geçen ýylyň aprel aýynda peýda bolupdy. Şonda bu talabyň edara-kärhanalaryň diňe ýolbaşçy düzümine degişlidigi aýdylypdy.

Şeýle-de, Azatlyga gelip gowşan suratlarda goşar sagatlarynyň dört görnüşli dizaýnlaryny görmek bolýardy. Bir sagadyň ýüzünde ata we ogul, ýagny Serdar we Gurbanguly Berdimuhamedowlaryň ikisiniň hem suratlary ýerleşdirilipdi.

Türkmenistanda döwlet ýolbaşçylarynyň şahsyýet kultuny ýokary götermek synanyşyklarynyň çäklerinde, mundan ozal hem, prezidentiň suratlary sagatlara ýerleşdirilipdi. Ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň ýurdy dolandyran ýyllarynda şeýle sagatlar sowgat hökmünde mekdep okuwçylaryna çenli paýlanyp berlipdi.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG