Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zelenski Russiýanyň Kiýewe eden soňky hüjümine ABŞ-nyň “berk” jogap bermegine çagyrýar


Kiýew, 7-nji sentýabr. Agyr zyýan ýeten ýaşaýyş jaýy
Kiýew, 7-nji sentýabr. Agyr zyýan ýeten ýaşaýyş jaýy

Ukrainanyň prezidenti Wolodomyr Zelenski Russiýanyň Kiýewe eden we 2022-nji ýylda başlanan urşuň dowamynda ilkinji geze hökümet binasyna zarba urlan uly pilotsyz uçar hüjüminden soň, ABŞ-nyň bu hüjüme berk jogap bermegine çagyrdy.

7-nji sentýabr hüjümlerinde 800-den gowrak pilotsyz uçar we raketa ulanyldy, dört adam öldi, ýaşaýyş jaýlaryna we Ukrainanyň Ministrler kabinetiniň binasyna zyýan ýetdi.

Tramp Putinden lapykeç bolandygyny dile getirdi, täze sanksiýalar ýa-da paç girizmek yşaratyny etdi, ýöne anyk bir zat aýtmady.

Ukrain liderleri Russiýanyň barha möwjeýän agressiýasynyň öňüni almak üçin has berk halkara sanksiýalarynyň girizilmegine çagyrdylar.

XS
SM
MD
LG