Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Syýasy tussag Andreý Podnebennynyň ölümine bogulma sebäp boldy


Andreý Podnebennyý. Arhiw suraty
Andreý Podnebennyý. Arhiw suraty

Mogilewiň 15-nji koloniýasynda ýogalan 36 ýaşly syýasy tussag Andreý Podnebennynyň ölüminiň sebäbi bogulmak diýip, Azatlyk radiosynyň Belarus gullugy ýagdaýdan habarly çeşmä salgylanyp ýazýar.

Onuň ölüminiň beýleki ýagdaýlary entek belli däl. Belarus häkimiýetleri bu waka barada hiç bir düşündiriş bermedi.

Andreý Podnebennynyň ölümi ejesi Walentina Podnebennaýanyň Facebookda paýlaşan ýazgysyndan mälim boldy. Ol oglunyň 3-nji sentýabrda ölendigini habar berdi. Azatlyk radiosynyň Belarus gullugynyň habaryna görä, syýasy tussag birnäçe gün öň jaýlandy.

Podnebennyý Russiýa Federasiýasynyň raýaty, emma ol alty ýaşyndan bäri Belarusda ýaşaýardy. Howpsuzlyk güýçleri ony 2021-nji ýylyň noýabr aýynda tussag etdiler.

Ol 39-njy trolleýbusyň tekerini deşmekde, Gomel sebitiniň düzediş bölüminiň müdiriniň awtoulagyna ot bermekde, telegram kanalynda "ekstremist" diýlip ykrar edilen söhbetdeşligi dolandyrmakda, 2019-njy ýylda gurluşyk meýdançasynda duran krany otlamakda aýyplandy.

Oňa başga biriniň emlägini bilkastlaýyn ýok etmek ýa-da zyýan ýetirmek synanyşygy, "ekstremist" topar döretmek we terrorçylyk aýyplamalary bildirildi. Bu iş boýunça Podnebennyý güýçlendirilen howpsuzlyk koloniýasynda 15 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Soňra oňa ýene dört aýyplama - ekstremist işjeňligine kömek etmek, Aleksandr Lukaşenkony kemsitmek, döwlet işgärini kemsitmek we sosial agzalalygy öjükdirmek boýunça goşmaça, 1 ýyl 8 aý iş kesildi.

XS
SM
MD
LG