FSB Azerbaýjanyň bir raýatynyň terror hüjümlerini taýýarlamakda güman edilip, Stawropol ülkesinde tussag edilendigini habar berdi (Jenaýat kodeksiniň 205-nji maddasy).
Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki habar gullugy TASS bu habary Federal Howpsuzlyk edarasynda salgylanyp çap etdi.
Ýörite gulluklaryň tassyklamagyna görä, tussag Russiýada gadagan edilen "terror guramasyna" goşulyp, soňra “ýolbaşçylarynyň görkezmesi bilen, bidüzgünçilik we terrorçylyk hereketleriniň amala aşyryljak ýerleriniň birnäçesinde, hususan-da hukuk goraýjy edaralaryň administratiw binalarynda, Esentuki we Stawropol şäherleriniň ulag infrastrukturasynda jikme-jik gözegçilik, barlag işlerini geçiripdir”.
Ol, hamala, öýde ýasalýan partlaýjy enjamlary ýasamak üçin zerur bolan komponentleri we weýran ediji elementleri edinip, olary gizlin bir ýerde ýerleşdiripdir, "terrorçylykly hüjüm etmek üçin birnäçe partlaýjy enjam" toplamagy meýilleşdiripdir.
FSB bu adamyň "Azerbaýjanyň ýaragly güýçleriniň ýörite bölümde" gulluk edendigini we öz bilimini we başarnygyny terrorçylyk hüjümini taýýarlamakda ulanmakçy bolandygyny öňe sürýär.