ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp žurnalistlere Ýewropa liderleriniň 8-nji ýa-da 9-njy sentýabrda ABŞ-a gelip, Ukrainadaky uruş bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşjakdygyny aýtdy. Bu habary CNN prezidentiň aýdan sözlerine salgylanyp berdi.
Ol Waşingtona Ýewropanyň haýsy liderleriniň geljekdigini aýtmady.
Şeýle-de, Tramp ýakyn wagtda Wladimir Putin bilen hem gürleşjekdigini aýtdy.
"Örän basym. Öňümizdäki birnäçe günüň içinde. Gulak asyň, biz muny oňararys. Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky ýagdaý. Biz muny oňararys" diýip, amerikan lideri aýtdy.
7-nji awgusta geçilýän gije Russiýa Ukraina 818 pilotsyz we raketa bilen hüjüm etdi.
Russiýanyň eden uly hüjümi netijesinde dört adam, şol sanda iki aýlyk bäbek öldi.
Premýer-ministr Ýuliýa Swiridenko rus hüjümi netijesinde ilkinji gezek hökümet binasyna zyýan ýetendigini aýtdy.